Soňky habarlar

Arhiw

"Batly gadam" hususy kärhanasynda her gün 50 müň jübüt jorap öndürilýär

14:4505.07.2019
0
8419

Surat: BT

Geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň dowamynda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary telekeçiler üçin giň iş mümkinçiliklerini döretdi diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty habar berýär.

Şeýlelikde, “Batly gadam” hususy kärhanasyna Serdar etrabynda 2019-njy ýylda döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek üçin oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmäge ýer bölünip berildi. Pagta ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek 2018-nji ýylda Balkanabat şäherinde açylan bu täze kärhana üçin ykdysady taýdan bähbitlidir.

Dokmaçylyk bilen meşgullanýan bu kärhana daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutjak ýerli harytlary öndürmegi we eksport etmegi maksat edinýär. Pagtadan öndürilýän ýokary hilli ýüplükler, jorap önümleri ISO toparynyň halkara ekologiki standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär. Harytlaryň önümçiligi dünýäniň ýokary tehnologiýaly ýurtlarynyň, aýratyn-da, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň enjamlarynda alnyp barylýar.

Bu enjamlar bir tehnologiki zynjyry bilen birikdirilen üç sany sehde: egriji, boýag we jorap önümçiligi bölümlerinde ornaşdyrylandyr. Egriji sehde bir gije-gündiziň dowamynda 13,5 müň tonna golaý sapak öndürilip, boýag sehine ugradylýar we ol ýerde dürli reňklere boýalýar. Ýörite barlaghanalardan geçirilen bu sapaklardan günde 50 müňe golaý jorap önümleri öndürilýär. Bu ýokary hilli önümler bilen içerki bazar doly üpjün edilip, artyk önümler eksport edilýär.

Sehlerdäki awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary çig malyň gelişinden başlap, taýýar harydyň öndürilişine çenli tutuş önümçilik prosesini dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda kärhanada 250 hünärmen zähmet çekýär. Fabrigiň önümçilik kuwwaty doly işläp başlan ýagdaýynda iş orunlarynyň sanyny 600-e ýetirmek göz öňünde tutulýar.

“Batly gadam” ýurdumyzda dokmaçylyk boýunça täze kärhana bolsa-da, ugurdaş kärhanalar bilen bäsleşip, dünýä bazaryna girmäge batly gadam urýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň