Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: Altymyrat Annadurdyýew - iki aýlawdan soň iň netijeli futbolçy

01:3805.07.2019
0
8554

"Altyn asyryň" hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda möwsümiň ýarysyny ajaýyp netije - iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda birinji orun bilen tamamlady.

Häzirki wagtda onuň hasabynda diňe Türkmenistanyň çempionatynda 10 gol bar. "Ahaldan" Didar Durdyýew 8 gol bilen ikinji, "Altyn asyrdan" Myrat Ýagşyýew 6 gol bilen üçünji orny eýeleýär.

"Altyn asyr" bolsa wgust aýyna çenli arakesme berlen çempionatda häzire çenli 29 utuk toplady. Ýokary liganyň häzirki iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewiň bu topara 2016-njy ýylda gelendigini hem ýatlatmak isleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň