Soňky habarlar

Arhiw

Bütindünýä intelektual eýeçiligi gullugy Aşgabatda iki günlük okuw maslahatyny geçirdi

23:1404.07.2019
0
5178

Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda senagat nusgalaryny goramagyň meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty işini tamamlady. Ol Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy diýip, TDH habar berýär.

Foruma Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler çagyryldy. Forumyň işine Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyndan halkara bilermen hökmünde maglumat meseleleri boýunça uly geňeşçi Mihail Faleýew gatnaşdy.

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň serişdesi hökmünde intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri (patentler, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşanlar, nusgalar we ş.m.) bilen meşgullanýar.

Türkmenistan Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy, Senagat nusgalaryny halkara hasaba almagyň Gaaga ulgamyna bolsa 2016-njy ýylda girdi.

Okuw maslahatynda intellektual eýeçiligi hukugyna degişli kadalaşdyryjy-hukuk meselelerini çözmekde häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribeleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Senagat nusgalaryny (önümiň çeperçilik ýa-da estetiki taýdan çözgüdi) hukuk taýdan hasaba almak aýratyn üns berlen mesele boldy. Munuň özi önümiň ýüzüni görkezýän nyşany milli we dünýä bazarlarynda goramagyň hem-de öňe ilerletmegiň mümkinçiligini açýar.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar, bu meselede Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen netijeli tejribe alşylmagyny ösdürmäge ymtylmalaryny beýan etdiler.

Şu gün paýtagtymyzyň myhmanlary, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň wekilleri Türkmenistanyň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugyna baryp görüp, ol ýerde bu guramanyň alyp barýan işleriniň ugurlary bilen has giňişleýin tanyşdylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan bu ulgamda, ilkinji nobatda, türkmen önümleriniň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny we tanalmagyny artdyrmak boýunça öňe sürülýän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň