Soňky habarlar

Arhiw

Italiýaly welosipedçiler Türkmenistanyň çäginden geçip gider

12:0004.07.2019
0
6635

Taryhyň iň şanly ýollarynyň biri bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistan hem iri halkara ýaryşlaryny ýokary derejede geçirýän sport döwletine, hem-de şeýle çäreleriň möhüm bölümleriniň birine öwrülýär. Diňe soňky ýyllaryň içinde biziň ýurdumyzyň çäginden yklymlary aşyp, dünýäni gezelenç edýän syýahatçylardyr türgenleriň onlarçasy geçip gitdi. Hemişe bolşy ýaly, olar myhmansöýer türkmen topragynda gadyrly garşylanyp, ak ýol arzuw edilip ugradyldy.

Tomsuň ikinji aýynda biziň ýurdumyz ýene bir halkara sport taslamasynyň bir bölümine öwrülýär. Görüş ukyby çäkli bolan italiýaly welosipedçiler Dawid Walakkiýa, Mikel Juliano we Samuel Spriano uzak menzilleri maksat edinen ýörişiniň çäginde Türkmenistanyň içinden geçip gider.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Italiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu taslama «Öz gözüň bilen» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, taslama görmek ukyby çäkli adamlaryň başarnygyny dünýä ýaýmagy we olary ruhlandyrmagy maksat edinýär. Taslama Paralimpiýa oýunlarynyň sport federasiýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Italiýanyň paýtagtyndan ― Rimden ýola düşen welosipedçileriň syýahaty 15 müň kilometr ýol geçip, Pekin şäherinde tamamlanar. Olar Türkmenistanyň çäginden Sarahs ― Farap aralygy boýunça geçip giderler. Myhmanlaryň hormatyna dürli ýerlerde dabaraly garşylanyş çäreleri geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň