Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen atly jigitleri Hytaýda çykyş edýär

00:5804.07.2019
0
5564

Hytaýyň Szilin welaýatynda «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar topary çykyş edýär. Türkmenistanayň HHR-daky Ilçihanasynyň, welaýatyň halk hökümetiniň we «Szilin Şengşi Hors Kalçe Ko. Ltd.» kompaniýasynyň Çançun şäherinde guran dabarasy şu waka bagyşlandy diýip, TDH habar berýär.

Onuň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, ol daşary ýurtdan gelen toparyň soňky 30 ýylda Çançun şäheriniň sirkindäki ilkinji çykyşlarydyr. Tanymal toparyň çykyşlary – Hytaýyň bu sebitiniň medeni durmuşyndaky möhüm waka boldy, welaýatyň ilatyna türkmen jigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki çylyşyrymly akrobatiki tilsimli sungaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi. 1600 adama niýetlenen tomaşaçylar münberleri hyryn-dykyn doldy. Tomaşaçylar çykyşlara şowhunly el çarpmalar bilen seslenýärler.

Bu waka bagyşlanan dabara Hytaýyň söwdany ösdürmek boýunça Milli geňeşiniň başlygy jenap Lanjun, Szilin welaýatynyň Dostluk jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary hanym Hu In, dürli derejeli partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, gastroly guran «Szilin Şengşi Hors Kalçe Ko. Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti jenap Li Szýan, Telekeçiler federasiýasynyň wekilleri, döredijilik işgärlei, şeýle hem Çançun şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Gastrol başlamazdan öň uly möçberli guramaçylyk işleri geçirildi, ýurduň beýleki sebitlerinden syýahatçylaryň gelmegine ýardam eden we hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanýandygyna şaýatlyk edýän mahabat çäreleri guraldy.

1-nji iýulda türkmen jigitleriniň gastrolynyň çäklerinde türkmen diplomatik wekilhasanynyň, Häzirki zaman žiwopisi akademiýasynyň, nepis ýazuw we sungat Halkara akademiýasynyň, Halk diplomatiýasy ulgamynda gatnaşyklar boýunça medeni merkeziň, şeýle hem «Szilin Şengşi Hors Kalçe Ko. Ltd.» kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralan tanymal hytaý nakgaşy Li Furongyň ahal-teke atlaryna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy.

Sergi «Szilin Şengşi Hors Kalçe Ko. Ltd.» kompaniýasynyň prezidentiniň hususy atçylyk hojalygynda üç aýlap görkeziler, bu ýerde arassa ganly ahal-teke bedewleriniň 70-si saklanylýar. Toplumyň ýerleşýän ýerinde dünýä atşynaslygynyň muzeýi döredilipdir, şeýle hem konkur boýunça ýaryşlary geçirmek üçin ýapyk manež, beýleki binalar bar.

Häzirki zaman hytaý şahyry Wan Sianli hytaý nepis ýazuwy tilsiminde ahal-teke bedewlerine bagyşlap poema ýazypdyr, ony nepis ýazuw we sungat Halkara akademiýasy türkmen tarapyna muzeý eksponaty hökmünde peşgeş berdi.

Szilin welaýatynda bolan döwri türkmen diplomatik wekilhanasynyň wekilleri welaýatyň wise-gubernatory Çžu Týanşu bilen gepleşikler geçirdiler. Oňa daşary işler kanselýariýasynyň ýolbaşçysy Szýan Ýanhueý, telekeçilik departamentiniň direktory Wan Çžiweý, welaýtyň hökümetiniň diwanynyň beýleki jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Netijlei geçen söhbetdeşlikde ýurdumyzyň HHR-yň iri awtomobil gurluşygy merkezi bolan bu sebiti, şeýle hem ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ýurtda öňdäki orunlary eýeleýän bu welaýaty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaý tarapy Birinji Hazar forumyna çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem ilçihananyň işgärleri Demirgazyk-gündogar mugallymçylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdiler, onda ýurdumyz üçin hünärmenleri taýýarlamak babatda özara hereketiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Çançunyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň