Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:5903.07.2019
0
9763

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň ýurdumyzda durnukly ösüşi, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk goraýjy düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda 2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işler we harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

içeri işler ministriniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň düzgünlerini we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny pugta berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;

goranmak ministriniň Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, esgerleriň we serkerdeleriň ýokary derejede gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi we Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak işleriniň netijeleri;

Ýokary kazyýetiň başlygynyň häzirki zaman talaplaryna, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, işiň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri;

Baş prokuroryň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri;

Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler, şeýle hem täze serhet galalarynyň gurluşygy;

Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň gümrük serhetlerinde, halkara ulag geçelgelerinde düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler;

adalat ministriniň ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de türkmen döwletiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň jemini jemläp, Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň özygtyýarly döwlet hökmünde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň düzümlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýar diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň