Soňky habarlar

Arhiw

“Formula 1” asmana göteriler

14:2503.07.2019
0
1383

Awstraliýanyň “Alauda” şereketi “Formula 1” ýaryşlaryny asmanda dowam etdirmegi maksat edinýär. “Airspeeder” atly ýaryşlar uçýan awtoulaglar bilen geçiriler. Munuň üçin işlenip taýýarlanýan ulaglar “Formula 1” ýaryş ulaglary bilen dronlaryň birleşdirilmegi netijesinde işlenip düzüler. Uçýan ulaglar içindäki sürüjisi bilen 200 km/s tizlikde howada hereket eder. Jemi 8 sany peri bolan ulagyň uzynlygy 4 metre, ini 3,5 metre barabar. Onuň daşky görnüşi 1950-nji ýyllaryň “Formula 1” ulaglaryna meňzeş. Sürüjisiz agramy 230 kg boljak ulag 20 metr belentlikden uçar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň