Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn Asyr” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinalynda Wýetnamyň topary bilen duşuşar

13:1502.07.2019
0
5525

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinalynda ACEAN zolagynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Ýeri gelende bellesek, ACEAN zolagynyň finalynda Wýetnamyň “Hanoý” hem-de “Binzyong” toparlary duşuşýarlar. “Altyn Asyr” interzolagyň birinji ýarymfinalyny 20-nji awgustda myhmançylykda, jogap oýnuny bolsa 27-nji awgustda öz meýdançasynda geçirer diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

AFK-nyň Kubogynyň ikinji ýarymfinal jübütini  Bangladeşiň “Abahani Limited”, bilen Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” toparlary düzdüler. Olaryň arasyndaky birinji duşuşyk 21-nji awgustda, ikinjisi bolsa 28-nji awgustda geçiriler.

AFK-nyň interzolagynyň final duşuşyklary 25-nji sentýabrda hem-de 2-nji oktýabrda geçiriler. Interzolagyň ýeňijisi Günbatar zolagyň ýeňijisi bilen AFK-nyň Kubogynyň finalynda güýç synanyşar. Günbatar zolagyň finalynda Iordaniýanyň “Al-Jazira” hem-de Liwanyň “Al-Ahed” toparlarynyň duşuşýandyklaryny ýatladýarys.

AFK-nyň Kugogy – 2019-yň aýgytlaýjy duşuşygy 2-nji noýabrda geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl “Altyn Asyr” AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş etmegi başarypdy. Şonda toparymyz Yragyň “Air Force Club” toparyndan 2:0 hasabynda ýeňlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň