Türkmen wekiliýeti Moskwada geçirilen “Printech 2019” halkara sergisine gatnaşdylar

08:0701.07.2019
0
3050

Türkmenistanda iş alyp barýan telekeçilere we kärhanalara poligrafiýa we mahabat önümçiligi hyzmatlaryny berýän "Asman Marketing" topary öz işini has hem giňeltmegi maksat edinýär.

Kärhananyň wekilleri ýakynda Moskwada geçirilen “Printech 2019” halkara sergisine gatnaşan kompaniýalaryň iş tejribeleri bilen ýakyndan tanyş bolmak üçin, Russiýada täjirçilik saparynda boldular. Bu sergä gatnaşýan kompaniýalar gyzyklanma bildirýän işewür adamlara çaphana we mahabatlandyryş tehnologiýalary boýunça soňky gazanylanlary görkezýär. Indi 5-nji gezek geçirilen bu sergide 9 ýurtdan 91 kompaniýa öz önümeri we hyzmatlary bilen çykyş etdiler.

"Krokus Ekspo" merkezinde geçirilen serginiň çäginde ýörite ugurlara bagyşlanan kiçi göwrümli okuw-seminarlary hem gurnalyp, olarda 100-den gowrak marketing we mahabat bilermenleri dürli ýurtlardan gelen işewürleri öz tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. Döwrebap dizaýn we poligrafiýa bilen bagly geçirilen konferensiýa "Asman Marketing" hem gatnaşdy.

“Asman Marketing” toparynyň 18-21-nji iýun aralygynda geçirilen sergide gazanan täze tejribelerini ýakyn wagtda iş ýüzünde öz müşderilerine hödürlemegine garaşylýar.

Habaryň çeşmesi: Biznes Türkmenistan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň