Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: şu gün 12-nji tapgyryň "Altyn asyr" - "Merw" duşuşygy geçiriler

08:0101.07.2019
0
1718
TÝL - 2019: şu gün 12-nji tapgyryň "Altyn asyr" - "Merw" duşuşygy geçiriler

Şu gün - 1-nji iýulda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň çägindäki "Altyn asyr" - "Merw" duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk ýer eýeleriniň AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Täjigistana gidenligi sebäpli, 1-nji iýula geçirilipdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň baş emini aşgabatly Resul Mämmedow bolar. Duşuşykda gazanyljak ýeňiş Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerini "Şagadama" 2, "Ahala" 1 utuga çenli ýakynlaşdyrar.

01.07.2019 (duşenbe)

“Altyn Asyr” – “Merw”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 19:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň