Parhaý jülgesindäki kükürtli suw bu ýere baranlara sypa berýär

07:4401.07.2019
0
3665

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Parhaý jülgesinde jana şypaly ýyly suwly, kükürtli iki howuz bolup,  watandaşlarymyzyň saglygyny dermansyz dikeldýän ýerine öwrüldi. Dag şeşmesinden gelýän ýyly suwly, ýene bir çeşme bolsa ýeriň çuň gatlagyndan gaýnap çykýan kükürtli suwdur.

Her biri aýry howuza guýup olaryň häsiýetli aýratynlygy sowuklamany, deri kesellerini, nerw dartgynlylygy, aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryş ýollarynyň, daýanç hereket synalarynyň, dowamly aşgazan keselleri kolitler, enterekolitleri, on iki barmak içegäniň ýarasyny, oňurga we bogun agyrylaryna, madda alyş-çalyşygynyň bozulmagy zerarly dörän keselleri bejermäge ukyplydyr. Bu suwa düşülýän ýyly suwly howuzlar indi ençeme ýyllardan bäri raýatlarymyza hyzmat edip gelýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň