Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherindäki Gurbanguly Hajy metjidinde toý sadakasy berildi

07:3201.07.2019
0
9592

29-njy iýunda ýurdumuzyň ähli ýerlerinde Milli Liderimiziň mübärek ýaş toýunyň şanyna dabaralar geçirildi. Dabara mynasybetli Mary şäherindäki Gurbanguly Hajy metjidinde toý sadakasy berildi. Sadaka ýurdumuzyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumuzyň Müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, bäş welaýatyň hem-de paýtagtymyzyň hormatly ýaşulylary, hem-de sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar ilki bilen Gurbanguly Hajy Metjidine zyýarat etdiler. Hajy Arkadagymyz gadymy taryhdan biziň günlerimize çenli saklanan we keramatly saýylýan mukaddes ýazgyny Marydaky metjide sowgat berdi. Müfti bu ýazgyny Gurbanguly Hajy Metjidiniň ymamyna gowşurdy. Bu ýazgy Hijri ýyl hasaby boýunça 1271-nji ýylda, Milady ýyl hasabyndan 1855-nji ýylda dörän sünnälenip ýazylypdyr. Bu mukaddes ýazgynyň “Heliýeşerif” adynyň manysy bezeg, nagyş, ýüz we ruh gözelligi diýmegi aňladýar. Bu mukaddes ýazgy adamzat biliminiň mümkinçilikleriniň çäklerinde Muhammet Pygamberiň söz bilen çekilen keşbi hasaplanýar. Milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Saud Arabystan Patyşalygynda bolup Haç parzyny berjaý eden pursadynda çuňňur hormatyň nyşany hökmünde berlen teperrik düýn Gurbanguly Hajy Metjidinde goýuldy. Ildeşlerimiz bu ýerde bolan pursatlarynda metjitde goýlan keramatly ýazga we mukaddes teperrige togap edip ýagşy dilegler etdiler.

Soňra bu ýerde Milli Liderimiziň Pygamber ýaşyna gadam basmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň