Aşgabatda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara media forum geçirildi

23:5529.06.2019
0
4473

Daşary işler ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara media forum geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Oňa daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň —Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazet-žurnallarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri žurnalistlere Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýeten derejesi we öňde boljak forumyň ugurlary barada gürrüň berdiler.

Media forum birinji Hazar ykdysady forumy, onuň mümkinçilikleri we geljekki ugurlary barada gürrüň berýän wideorolik bilen açyldy. Bellenilişi ýaly, bu çäre gerimi boýunça sebitiň çäklerinden çykyp, Hazarýaka döwletleriniň arasynda bolşy ýaly, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetlidir.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk we Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň jemleri boýunça ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ylalaşyk boýunça pikir alyşmalar babatynda netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Şeýle hem žurnalistlere Türkmenistanyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşmaga gönükdirilen energetika syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi.

Media forumda taryhy taýdan gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerini, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny mundan beýläk-de berkitmek üçin ägirt uly ähmiýeti bolan iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylandygy nygtaldy.

Bu forum Hazar deňziniň we onuň ýanaşyk sebitlerinde ykdysady, söwda hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, Hazaryň Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi döretmekde möhüm orun eýeleýän we häzirki zaman ählumumy meýillerine laýyk gelýän iri ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülmegine kuwwatly itergi berer.

Soňra žurnalistlere Hazarýaka döwletleriň özara gatnaşyklarynyň taryhy, öňde boljak çäreler hakynda esasy maglumatlar ýerleşdirilen internet-saýt görkezildi, şonda bu foruma gatnaşyjylara onlaýn tertibinde bellige almak we beýleki mümkinçilikler döredildi.

Media forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hazar sebitiniň dünýä energetika giňişliginde netijeli we deňeçer gatnaşyklary döretmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi bolsa tutuş sebitiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine iri taslamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm binýady emele getirer.

Dürli ýurtlaryň žurnalistleri öňde boljak forum boýunça pikir alyşdylar hem-de media forumy guraýjylar we beýleki ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Hazar sebitinden beýleki ýurtlaryň ösüşiniň geljekki ugurlary, syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ulgamlar boýunça tagallalary birleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda we haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenen düzümleriň işi barada gürrüň edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň