Soňky habarlar

Archive news

Mary etrabynda gurluşyk serişdelerini we demir önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy

23:3228.06.2019
0
3001
Mary etrabynda gurluşyk serişdelerini we demir önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Mary etrabynda gurluşyk serişdelerini we demir önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Gurluşyk serişdelerini we demir önümlerini öndürýän, kuwwaty ýylda 5 müň 200 tonna önüme barabar bolan kärhana 3 müň inedördül metre deň bolan meýdanda guruldy. Topluma edara binasy, önümçilik kärhanasy we beýleki kömekçi desgalar girýär. Bu ýerde iş orunlarynyň onlarçasy, işgärleriň netijeli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertler döredildi. Döwrebap enjamlaşdyrylan naharhana we beýleki desgalar işgärleriň ygtyýaryndadyr.

Ýokary tehnologiýaly enjamlar ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň esasynda hil babatda ýokary ülňülere kybap gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň