Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýa oýunlaryna ýene-de 4 sport görnüşi goşulyp biler

21:0428.06.2019
0
5077

Halkara Olimpiýa Komiteti (IOC) Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiren 134-nji maslahatynda tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hataryna ýene-de 4 sport görnüşini goşmak barada häzirlikçe razylyk berdi. Şeýlelikde, maslahatyň netijesinde, Pariž – 2024 Olimpiadasynyň maksatnamasyna breýk-dans, dyrmaşmak sporty (climbing), skeýtboarding (skateboarding) hem-de sörfing (surfing) sportlaryny girizmeklik göz öňünde tutulýar. Dyrmaşmak sporty, skeýtboarding hem-de sörfing sportlary Tokio – 2020 Olimpiadasynyň guramaçy komiteti tarapyndan teklip edilen bolsa, breýk-dans sporty geçen ýyl Buenos- Aýresde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdi. Halkara Olimpiýa Komiteti bu baradaky gutarnykly netijäni 2020-nji ýylyň dekabryna çenli mälim eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň