Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

01:4728.06.2019
0
4394

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei kabul etdi. Ol Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman hyzmatdaşlygyň geljegine degip geçip, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Biziň ýurdumyzyň hem-de ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda işleýän we iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen birlikde, ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk okgunly ösüşe we täze many-mazmuna eýe boldy. Şolar iki ýurduň we halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda, olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky göni howa gatnawy hem muňa ýardam etmelidir. Mälim bolşy ýaly, düýn Aşgabat — Tokio ugry boýunça ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy. Jenap Matsuşita Şinpei bular barada aýtmak bilen, türkmen uçarynda ýolagçylara edilýän hyzmatyň ýokary hillidigini we oňaýlydygyny belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçykaryjylyk ulgamynda özara bähbitli tejribe alşylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň köptaraply görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň ugry boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, olaryň häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň, ilkinji nobatda bolsa, sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýändikleri bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmeginiň işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini belläp, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň