Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

00:5728.06.2019
0
5395

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tatsuýa Watanabeni kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Ýurdumyza Tokiodan türkmen howa ýollarynyň ilkinji göni gatnawy bilen paýtagtymyza gelen myhman döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, ilki bilen, bu howa ýolunyň açylmagy üçin hoşallyk bildirdi. Bu howa gatnawlary iki ýurduň arasyndaky ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Ol şeýle hem «Boeing 777-200 LR» uçarynda döredilen amatlyklaryň derejesi barada ýakymly pikirlerini aýdyp, ýaponiýaly ýolagçylaryň — işewürleriň, hünärmenleriň hem-de syýahatçylaryň muňa ýokary baha berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sany bolsa artýar.

Tatsuýa Watanabe özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň işewür toparlary netijeli iş alyp barmak üçin amatly şertler döredilen we geljegi uly bolan türkmen bazaryna ýokary gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistanyň Ýaponiýanyň dürli ugurlarda ägirt uly tejribe toplan we dünýäde täzeçil tehnologiýalary ulanmakda öňdäki orunlary eýeleýän iri kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň senagat ulgamynyň sazlaşykly ösüşine, hususan-da, gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary nazara almak bilen özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän toplumyň gurluşygyna gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Ýapon tarapynyň maýa goýum we «Türkmengaz» döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirilýän bu iri taslama hyzmatdaşlygyň täze ugrunyň binýadyny emele getirdi.

Şunuň ýaly önümçilikleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň we onuň tehnologiýa taýdan ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň, uglewodorod serişdeleriniň ýerlenýän bazarlaryny giňeltmegiň we ony köpugurly esasda ösdürmegiň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşini höweslendirmegiň wajyp ugry bolup durýandygy bellenildi. Tebigy gazdan benzin öndürýän bu kärhana dünýäde iri toplum bolmak bilen, ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna önjeýli goşant bolar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler meýilnamalaryny, hususan-da, nebithimiýa, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleri senagaty we maýa goýum ulgamynda bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, beýleki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Myhmanyň belleýşi ýaly, «Kawasaki» kompaniýasy Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär hem-de türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini we täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyr.

Milletiň Lideri hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyga, geçirilýän forumlara möhüm ornuň degişlidigini belläp, Tatsuýa Watanabeni awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň