Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

00:2428.06.2019
0
4653

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Myhman söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy dünýäde ilkinji täze önümçilik toplumynyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hem-de ykdysady ösüşiň uly geljeginiň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterendigi nygtaldy. Işewür türkmen bazarynyň özüne çekijidigini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigini belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Milli Liderimiz we «NATA Holdingiň» ýolbaşçysy türkmen ykdysadyýetiniň gurluşyk we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde türk kompaniýasynyň işiniň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu iri kompaniýa awtomobil ýollarynyň, köprüleriň hem-de demir ýol düzüminiň desgalaryny gurmak ulgamynda möhüm ähmiýetli işi alyp barýan hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Bu ulgamlaryň ählisi ýurdumyzyň ulag toplumynyň okgunly ösýän ugurlaryna degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýol gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda iň täze ýokary tehnologiýaly çözgütleri hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şäheriň çeperçilik-binagärlik bezeginde möhüm orun eýeleýän desgalaryň estetiki tarapyny hem nazara almak wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygyň hiliniň ýokary derejede bolmagynyň hem-de desgalaryň göz öňünde tutulan möhletlerde ulanmaga berilmeginiň bina edilýän ähli desgalara bildirilýän esasy talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz işewür düzümleriň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň ähmiýetini belläp, türkiýeli hyzmatdaşlary öňde boljak birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Namyk Tanyk «NATA Holdingiň» Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Işewür özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän holdingi hem muňa uly gyzyklanma bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň