Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenhowaýollary" ilkinji Aşgabat-Tokio-Aşgabat gatnawyny üstünlikli amala aşyrdy

21:0627.06.2019
0
12037

Şu gün türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawyny üstünlikli amala aşyran «Boing 777-200LR» ýolagçy uçary gondy diýip, TDH habar berýär.

Şeýlelikde, türkmen howa ýollarynyň gatnawlarynyň üsti Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň paýtagty bilen baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur bilen ýetirildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 26-njy iýunda bolan mejlisinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýurdumyzyň awiasiýasynyň möhüm orny barada aýdyp, döwletimiziň iri we abraýly halkara ulag guramalarynyň birnäçesiniň doly hukukly agzasy hökmünde ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň üstaşyr ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokary derejede üpjün edýändigini nygtady.

Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi hem-de raýatlarymyzyň abadançylygynyň has ýokarlandyrylmagy täze halkara howa gatnawlarynyň açylmagyny şertlendirýär. Galyberse-de, howa uçarlarynyň tehniki üpjünçiligi we parky bu wezipäni çözmäge doly mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Aşgabat — Tokio göni howa gatnawy Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ugrunda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da artdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň