Türkmenistanly mekdep okuwçylary GENIUS 2019 taslama bäsleşiginde bürünç medallaryň üçüsini gazandylar

20:0227.06.2019
0
8442

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ABŞ-nyň Osuigo şäherinde geçirilen "GENIUS Olympiad" atly ekologiýa meseleleri boýunça halkara taslama bäsleşiginde üç sany bürünç medala mynasyp boldular diýip, ORIENT habarlar agentligi ýazýar. Medallar inforamtika we fizika ugurlary boýunça gazanyldy.

Bäsleşikde Gerçek Batyrowyň, Nowruz Abdyllaýewiň we Selbinyýaz Gurbandurdyýewanyň "FIREFIGHTER" atly roboty eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Robot ýangyn döremegine garşy göreş çärelerinde ähmiýetlidir. Ahmet Amanow bilen Abraý Bakyýewiň Telpex atly roboty bolsa esasan tehniki maksatlar bilen ulanylmaga niýetelenen. Taslama işewürlik dünýäsinde giňden peýdalanylyp bilner.

Yslam Muhammetjanowyň taslama işi bolsa deňiz suwundan netijeli peýdalanmagyň ýollaryna bagyşlanypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, halkara bäsleşige 79 döwletden 1289 okkuwçy gatnaşdy.

– Şeýle nesiller ýetişse, biziň dünýämiz gowulyga tarap özgerer. Hiç kim alada etmesin biziň gejegimiz ynamdar ellerde - diýip, taslama bäsleşigini myhman bolan çagalar ýazyjysy Döktor Sýuz ýazýar. Onuň bu şygary GENIUS 2019 bäsleşiginiň şygaryna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň