Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17:3927.06.2019
0
3382

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karsten Sendergorddan ynanç hatyny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda diplomat döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan we ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy esasy ugur edinýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem daniýaly diplomata Mejlisiň düzümi hem-de onuň köptaraply işi barada gürrüň berildi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň ilçisi, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň ulgamynda, iri halkara guramalaryň we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna ýokary baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Karsten Sendergord Daniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň