Tomusky möwsümiň birinji tapgyrynda Türkmenistandaky döwrebap merkezlerde çagalaryň 30 müňe golaýy dynç aldy

16:1327.06.2019
0
764

Tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda Türkmenistanda 29 müň 510 çaganyň guramaçylykly dynç almagy üçin ähli şertler döredildi diýip, TDH 26-njy iýunda geçirilen Hökümet maslahatynda wise-premýer P.Agamyradowyň döwlet Baştutanyna beren hasabatyna salgylanyp ýazýar.

Türkmenistanda çagalaryň dynç alyş möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin döwrebap şertleriň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek. Awazada we Gökderede çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň uly toplumy hereket edýär. Her biri ýüzlerçe çaga niýetlenen şeýle toplumlar ýurduň beýleki welaýatlarynda hem guruldy. Olar indi birnäçe ýyllardan bäri tomus we gyş möwsümlerinde üstünlikli işläp gelýärler.

Şu ýyl tomusky möwsümde çagalaryň dynç alşynyň birnäçe tapgyry meýilleşdirildi. 1-nji iýunda badalga berlen ilkinji tapgyr, Hökümet maslahatynda hem aýdylyşy ýaly, üstünlikli tamamlandy. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tejribeli hünärmenler zähmet çekýär. Şolar bilen birlikde ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde mugallymçylyk ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlar hem köpçülikleýin tejribe geçýärler. Tapgyrlar awgust aýynyň ahyryna çenli gezekli-gezegine dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň