“Mercer” maslahat beriş şereketi daşary ýurtlularyň ýaşamagy üçin iň gymmat we arzan şäherleriň sanawyny taýýarlady. Täze sanawda Gonkong dünýäniň iň gymmat şäheri hökmünde birinjiligi eýeleýär. Şereket dünýäniň dürli ýerlerinde 209 şähere baha beripdir. Sanaw taýýarlananda, ýaşaýyş jaý, gatnaw, iýmit, egin-eşik, öý goşlary we güýmenje ýaly 200-den gowrak ugur göz öňünde tutulypdyr. Gymmat şäherleriň sanawynda Gonkongdan soňra Tokýo, Singapur, Seul we Sýurih ýokarky basgançaklary eýeleýär. Ýaşamak üçin iň arzan şäher bolsa Tunis Respublikasynyň adybir paýtagty bolupdyr. Bu sanawyň ilkinji üçlügini Daşkent we Karaçi tamamlaýar. Sanawda iň gymmat şäherleriň 10-dan 8-ini Aziýadaky şäherler emele getirýär. Sanawyň ýokarky basgançaklarynda Ýewropanyň şäherleriniň sany azalypdyr. Ilkinji onlukda diňe Sýurih bar. 12-nji ýerde Bern, Ženewa 13-nji, Moskwa 27-nji Praga 97-nji bolupdyr.
Soňky habarlar
Arhiw
Iň gymmat şäherler
13:0727.06.2019
0
1509
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň