Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

12:1627.06.2019
0
7016

Eziz watandaşlar! 
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly şatlyk-şowhun bilen bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda belent sepgitlere ýetilip, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Garaşsyz döwletimizde medeniýet ulgamyny ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň has-da ösmegi, täze eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimizde ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna hem sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar.

Mähriban Watanymyzda halkara derejede geçirilýän döredijilik forumlary, Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler hemişelik Bitarap döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizde, sungatymyzda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmaga, täze, döwrebap sungat eserlerini döretmäge, ýurdumyzyň raýatlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly ýardam berýär.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň baýramydyr. Bu baýram medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň döredijilikli zähmetiniň, irginsiz gözlegleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakynda asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda arzuw edişi ýaly, mähriban halkymyz bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýar. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, bagtyýarlygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň belent waspyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baky bitewüliginden, berk sazlaşygyndan nyşandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhaslar dünýäsi ýurdumyzyň ähli döredijilik işgärleri üçin halypalyk mekdebidir.

Hormatly adamlar!

Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gelip çykýan aýdyň wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri hem öz goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, kompozitorlarynyň, artistleriniň, režissýorlarynyň, suratkeşleriniň döredýän kämil eserleri, muzeý, kitaphana, teatr işgärleriniň alyp barýan işleri mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda netijeli we döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň baý milli mirasyny, däp-dessurlaryny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde, kämilleşdirmekde we dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolýar.

Şoňa görä-de, biz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçireris, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň döwrebap we amatly şertlerde ýaşamaklary, netijeli, döredijilikli işlemekleri, täze, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri dörederis.

Mähriban türkmen halkym! 
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň janyňyzyň sag, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň