AFK-nyň kubogy - 2019: Interzolagyň ýarym finalyndaky garşydaşlar belli bolýar

11:4827.06.2019
0
5435

Aşgabadyň "Altyn asyr" futbol topary AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn böleginiň altynjy tapgyrynda Täjigistanyň "Istikloly" bilen 1:1 hasabynda oýnap, Interzolagyň ýarym finalyna çykdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri "D" toparçanyň duşuşyklarynda garşydaşlaryndan ýeke gezek hem utulman, iki ýeňiş, dört deňlik bilen oýnadylar. 

Häzirlikçe, türkmen futbolçylarynyň Interzolagyň ýarym finalyndaky iki garşydaşy mälim. Olar Bangladeşiň "Abahani Limited" we KHDR-nyň "April 25" toparydyr. Üçünji bäsdeş bolsa Wýetnamyň "Hanoý" hem-de "Binzyong" toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soň belli bolar.

Bije çekilişik Kuala-Lumpur şäherinde bolar. Interzolagyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary 20-21-nji awgustda, jogap oýunlary 10-11-nji sentýabrda bolar. Geçen ýyl ýaryşyň finalyna çenli çykan "Altyn asyr" arzyly Kubok ugrundaky aýgytlaýjy duşuşykda Yragyň "Eýr Fors" toparyndan 0:2 hasabynda asgyn gelipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň