Soňky habarlar

Arhiw

"Daýhanbankyň" 10 ýyllyk möhlet bilen berjek karz serişdesi türkmen oba hojalykçylarynyň galkynmagyna kömek berer

07:5027.06.2019
0
1655
"Daýhanbankyň" 10 ýyllyk möhlet bilen berjek karz serişdesi türkmen oba hojalykçylarynyň galkynmagyna kömek berer

Türkmenistanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň maliýe ýagdaýlaryny gowulandyrmak we olaryň satyn alan harytlary üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna 2019-njy ýylyň dowamynda Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli möçberde karz serişdelerini ýyllyk 2 göterim bilen bir ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň