Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti töwekgelçilikli şertlerde işleýänleriň betbagtçylyklardan we hünär kesellerinden hökmany ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklady

04:0427.06.2019
0
10329

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň