Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ekinleriň kesellerine garşy himiki serişdeleri satyn alar

03:1127.06.2019
0
1477
Türkmenistan ekinleriň kesellerine garşy himiki serişdeleri satyn alar

Türkmenistanda oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2019-njy ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine we köp ýyllyk haşal otlaryna garşy göreşmekde hem-de gowaçanyň ýapragyny düşürmekde, şeýle hem 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň