Aşgabadyň we Ahalyň ýygyndylary futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary boldy

01:0327.06.2019
0
3942

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherinde dowam edýän futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogynda finala çykan toparlar belli boldy. Geçirilen ýarymfinal duşuşyklarynda ynamly ýeňiş gazanan «Aşgabat» bilen «Ahal» toparlary finala çykmagy başardylar diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Ýarym finalda "Ahal" "Maryny" 12:8, "Aşgabat" bolsa "Daşoguzy" 28:0 hasabynda ýeňdi. Bäşinji orundaky duşuşykda bolsa Lebap welaýatynyň zenanlar ýygyndysy Balkan welaýatynyň wekillerinden 12:1 hasabynda üstün çykdy.

Şu gün - 27-nji iýunda sagat 10-da üçünji orun ugrunda, 12-de final duşuşygy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň