Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Bolgariýada ýygnanyşyk geçirer

00:5327.06.2019
0
1632
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Bolgariýada ýygnanyşyk geçirer

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 27-nji iýun – 10-njy iýul aralygynda Bolgariýanyň Gabrowo şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiç okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna futzal ligasynda çykyş edýän toparlaryň 17 oýunçysy çagyrypdyr. Okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýygyndy toparymyz ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Horwatiýaly baş tälimçä ýerli hünärmenler Guwanç Kanaýew, Mergen Ataýew hem-de Ýeňiş Aşyrow kömekleşerler.

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi:

Derwezeçiler: Meretgeldi Baýramow, («Köpetdag»), Şöhrat Baýramow («Senagatbank»), Berdimyrat Sapardurdyýew («Talyp sporty»).

Futzalçylar: Watan Ataýew ("Köpetdag"), Orazguly Nuralyýew ("Nesil"), Abdylla Gurbannepesow ("Migrasiýa"), Allaberdi Meredow ("Köpetdag"), Rahatmyrat Nepesow ("Senagatbank"), Serdar Rejebow ("Daýhanbank"), Allamyrat Gurbanow ("Talyp sporty"), Maksat Myradow ("Köetdag"), Ysmaýylmuhammet Öwekow ("Talyp sporty"), Daýanç Garajaýew ("Talyp sporty"), Mülkaman Annagulyýew ("Talyp sporty"), Maksat Soltanow ("Deňizçi"), Arzuwguly Sapardurdyýew ("Köpetdag"), Öwezbaý Muhammetmyradow ("Nesil").

Tälimçiler: Robert Grdowiç - baş tälimçi, Guwanç Kanaýew, Mergen Ataýew - tälimçiler, Ýeňiş Aşyrow - derwezeçileriň tälimçisi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň