Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýygnagy geçiriler

00:4927.06.2019
0
5292

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy iýunda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 21-nji iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşmagyň netijeleri barada hasabat berdi.

Çäkli we giňişleýin düzümde geçen mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy maksatlaýyn makroykdysady görkezijileri barada hasabatlar diňlenildi, birnäçe guramaçylyk we hyzmatdaşlyk etmegiň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi. Bu geňeşiň nobatdaky mejlisi 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Wise-premýer şeýle hem ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy baradaky meseleler boýunça hasabat berdi. Bu ugurda görülýän çäreleri kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet we Raýat kodekslerinden, Türkmenistanyň «Ätiýaçlandyryş hakynda» Kanunyndan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan ugur alyp, degişli hünär ugurly düzgünnama taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň