Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi: bäşinji gün

23:5626.06.2019
0
3785

Şu gün Magtymguly şäherinde forumyň çäklerinde žurnalistler we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri «Watanymyzyň rowaçlygy — kalbymyzyň joşguny» diýen at bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler diýip, TDH habar berýär.

Şol gün agşam Balkanabatda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda «Aşyk Çaňly» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Ýola goýlan asylly däbe görä, ilkinji görkeziliş milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň täzeden dikeldilen senesi hökmünde giren 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyldy. Şol seneden bäri opera sahnalary her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän we häzirki zaman sungatynyň üstünliklerini beýan edýän Medeniýet hepdelikleriniň maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi boldy.

«Aşyk Çaňly» operasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan görkezildi.

«Aşyk Çaňly» operasynda esasy saz toparlary, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, şeýle hem meşhur artistler bar. Tejribäniň, ussatlygyň we täze ýaş zehinleriň şeýle sazlaşygy türkmen medeniýetine mahsus bolan nesilden-nesle dowamatlylyk baradaky pikiri ýüze çykarýar.

Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmegindäki saz ilkinji notalaryndan başlap, diňleýjileriň ünsüni özüne çekip, teatryň jadylaýjy täsirini gurşap alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň