Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy

23:5526.06.2019
0
3219
Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy

26-njy iýunda Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Welaýat merkezindäki Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda her biri 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 40-synyň düýbi tutuldy. Olar 1280 maşgala niýetlenendir.

Geçen ýylyň fewral aýynda şäherdäki Halkara howa menziliniň, iýun aýynda bolsa bu menzile barýan ýoluň ugrunda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 22-siniň açylyp, ulanmaga berlendigini ýatlamak gerek. 

Täze toplumyň gurlup tamamlanmagy bilen şäheriň bu künjeginde döwrebap ýaşaýyş toplumy - özboluşly şäherçe emele geler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň