Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň dört etrabynda 3500 maşgala niýetlenen şäherçeleriň düýbi tutuldy

23:5426.06.2019
0
4232

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Döwrebap şäherçeleriň hem-de Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli dabaralara Mejlisiň Başlygy, ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynyň başynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Lebap welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Bu etraplar Amyderýa jülgesiniň iň gür ilatly etraplarydyr. Täze şäherçeler 3 müň 500 maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.

Çärjew etrabyndaky 1 müň maşgala niýetlenen geljekki şäherçe 185 gektar meýdanda ýerleşer. Şol çäkde her birinde 32 öý boljak 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si, üç, dört we bäş otagly bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 381-si, 5 öýli 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 236-sy, geňeşligiň binasy, her biri 640 orunlyk mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, 200 orunlyk Medeniýet öýi, Durmuş hyzmatlary, söwda dükanlarynyň ulgamy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, bazar we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar.

Halaç etrabyndaky täze şäherçäniň gurluşygynyň taslamasy hem 1 müň maşgala niýetlenendir. Olar üçin 200 gektar meýdanda 5 otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 641-si, üç we dört otagly 2 gatly jaýlaryň 359-sy, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, Durmuş hyzmatlar öýi, Saglyk merkezi, söwda dükanlarynyň ulgamy we beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler.

Saýat etrabynda guruljak täze döwrebap şäherçede hem 1 müň maşgala ýaşar. Onuň meýdany 215 gektara barabar bolar. Şäherçäniň binagärlik toplumy bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 430-syndan, üç we dört otagly 1 gatly jaýlaryň 570-sinden, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-sinden, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-sinden, söwda dükanlaryndan, Medeniýet öýünden, Durmuş hyzmaty öýünden, «Toý mekany» dabaralar merkezinden, geňeşligiň binasyndan we beýleki desgalardan ybarat bolar.

Kerki etrabynda täze şäherçe 115 gektar meýdanda ýerleşip, şol ýerde 500 maşgala ýaşar, olar üçin bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 140-sy, üç we dört otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 360-sy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda dükanlarynyň ulgamy, çörek we çörek önümlerini çykarýan önümçilik, Durmuş hyzmaty öýi we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar.

Täze döwrebap şäherçeleriň ählisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň