Mary welaýatynda galla borçnamasy berjaý edildi

23:5126.06.2019
0
3181

Şu gün Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary dänäniň 380 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, azyklyk bugdaýy taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýer eýeleriniň dünýä belli «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlary gije-gündizleýin we netijeli ulanmagy oragyň depginlerini tizleşdirmäge ýardam berdi diýip, TDH habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz ýeňillikli bahalardan tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýär, mineral dökünleri, ýokary hilli tohumlary hem-de oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramagyň himiki serişdelerini berýär, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy öndürijilerinden döwrebap tehnikalary satyn alýar. Tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirýär. Bularyň ählisi, bugdaý üçin satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy bilen birlikde, umuman, häzirki möwsümiň barşynda ýokary netijeleri gazanmaga ýardam etdi.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda bugdaý oragy dowam edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň