Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat - Tokio - Aşgabat ugry boýunça ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy

08:0926.06.2019
0
17452

Şu gün irden 7-de Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Tokio şäherine sary ilkinji howa gatnawy ýola düşdi. "Türkmenhowaýollary" agentliginiň döwrebap Boing - 777 uçary 265 ýolagçy bilen "Günüň dogýan ýurduna" sary ýla düşdi diýip, Turkmenportala habar berildi. 

― Howa gatnawy arakesmesiz 8 ýarym sagadyň dowamynda Tokionyň Haneda howa menziline baryp ýetdi. Ilkinji ýörite gatnaw bu ugurda dowamly gatnawyň amala aşyrmagyna mümkinçilik berer - diýip, agentligiň wekilleri "Turkmenportala" habar berdiler.

Bu gatnaw türkmen - ýapon gatnaşyklarynda täze sahypa öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň