Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi—2019: dördünji gün

23:0825.06.2019
0
5033

Irden foruma gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň ajaýyp ýerlerine gezelenç etdiler. Soňra Magtymguly şäherindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň maslahatlar zalynda bolan «Gadymy mirasymyz — milli buýsanjymyz» atly ylmy-amaly maslahat maddy däl medeniýetiň gymmatlyklaryny öwrenmek meselelerine bagyşlandy. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, taryhçy alymlar, etnograflar we medeniýeti öwrenijiler gatnaşdylar.

Maslahatda alymlar tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlaryna yzygiderli guralýan ylmy saparlaryň netijeleri hakynda hem maglumatlar aýdyldy. Pikir alyşmalaryň barşynda maddy däl ruhy mirasy gorap saklamak ulgamynda medeniýetleriň özara baglanyşygyny, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. 

Şol gün agşam maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselesiniň ara alyp maslahatlaşylmasy dowam etdirildi. Gerkez obasynyň «Magtymguly» seýilgähinde uly türkmen toýy tutuldy. Bu ýerde milli ak öýler dikildi, däp bolan senetçilik önümleri we ajaýyp bezeg amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezilen sergi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen bagşy-sazandalar bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. «Gadymy mukamlar — ynsan ruhunyň joşguny» atly konsert asyrlaryň jümmüşine aralaşyp giden aýdym-saz sungatyna halkyň nähili uly sarpa goýýandygy aýdyň göründi.

Konsertiň maksatnamasyna saz çalnyşy, dessan aýdylyşy, şeýle hem görnükli türkmen şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdymlar girizildi. Häzirki nesliň halk sazlaryny çalmagyň ýörelgelerini dowam etdirýändigini ýaş bagşylar aýdyň görkezdiler.

Nobatdaky döredijilik maslahaty Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy. Gerkez obasynyň golaýyndaky Düýedaş jülgesinde ýaýbaňlanan baýramçylyk dabarasynda köp asyrlaryň dowamynda türkmen baýramçylyklaryna mahsus bolan däp-dessurlar janlandyryldy, halk aýdymlary we häzirki zaman estrada eserleri we şowhunly tanslar ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň