Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti UNISEF-iň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi

23:0625.06.2019
0
5133

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenen baştutany hanym Kristina Weýgandy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we ÝUNISEF-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň baştutany gazanylan üstünlikler hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşendigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň Çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamagy bu gatnaşyklaryň aýdyň netijesi boldy. Munuň özi ýurdumyzyň bähbitlerine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Hanym Kristina Weýgand ýurdumyzyň bu ulgamda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini nygtady. Ösüp gelýän nesliň saglygy we bagtyýarlygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak ulgamynda uly üstünlikleri gazanandygy bellenildi. Eneleriň we çagalaryň keselleriniň sanynyň ep-esli azaldylmagyny hem-de çagalaryň sanjym bilen gurşalyp alynmagynyň ýokary derejesini şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Işgärleri taýýarlamak işi kämilleşdirilýär, saglygy goraýyş ulgamynyň düzümi, maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýady berkidilýär, çilimkeşlige garşy göreşmek strategiýasy işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek giň gerime eýe boldy, bedenterbiýe-sport hereketi giňelýär.

Myhman ÝUNISEF-niň Türkmenistanyň toplan baý tejribesine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň dürli sebitlerinde iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de sport desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleri kanagatlanma bilen belledi. Gökderäniň, Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerlerinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri körpeleriň hyzmatyndadyr.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň belent ruhy gymmatlyklaryna eýerip, mümkinçiligi çäkli çagalary goldamaga uly üns berilýändigini nygtady. Şunda hukuk kepillikleriniň, ykdysady we durmuş çäreleriniň uly toplumy göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda mekdebe çenli bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ulgamda irki bilim bermegiň öňdebaryjy maksatnamalary ornaşdyrylýar. Döwlet derejesinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak, şol sanda sanly bilim ulgamynda işi kämilleşdirmek çäreleri höweslendirilýär.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynda sanly tehnologiýalaryň uly ähmiýete eýedigini belläp, olaryň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtady. Şoňa görä-de, häzirki döwürde çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň her bir tapgyrynda zerur bolan kompýuter enjamlary giňden ulanylýar, internet ulgamyna elýeterlilik üpjün edildi, birinji synpa barýan okuwçylaryň her birine bolsa şahsy kompýuter berilýär.

Hanym Kristina Weýgand döwlet Baştutanymyza BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda işlemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi we öz tarapyndan bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine daýanýan hem-de uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň