Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň gallaçylary Türkmenistanda ilkinji bolup borçnamasyny amal etdiler

22:0525.06.2019
0
5017

Şu gün welaýatda Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 450 müň tonnasyndan gowragyny tabşyryp, ýurdumyzda ilkinji bolup galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Şu ýyl ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana galla, şol sanda Ahal welaýatynda 209 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Ekin meýdanlarynyň esasy bölegine bugdaýyň ýokary hasyl berýän «Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý-56», «Bagrat» ýaly görnüşleri ekildi.

Galla oragynda «CLASS», «John Deere», «Case», «New Holland» kombaýnlary işledilýär. Munuň özi ekerançylara bereketli hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berdi.

Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kabul ediş bölümlerinde, ammarlarda we elewatorlarda täze hasylyň hili «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan barlanylýar. Daýhanlar bilen hasaplaşyklar «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleri arkaly öz wagtynda amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň