Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä sporty: Kopa Amerikada çärýek finalçylar belli boldy

10:3525.06.2019
0
1202

Düýn geçirilen Çili - Urugwaý (0:1) we Ekwador - Ýaponiýa (1:1) duşuşyklaryndan soňra, Kopa Amerikada çärýek finala çykan ýygyndylar we geçiriljek duşuşyklaryň tertibi gutarnykly kesgitlendi.

"Championat.asia" saýtynyň ýazmagyna görä, 28-nji iýun güni daňdan 5:30-da Braziliýa bilen Paragwaý duşuşar. Şol gün ýarygije Wenesulla bilen Argentina, 29-njy iýunda daňdan 4-de Kolumbiýa bilen Çili, ýarygije Urugwaý bilen Peru duşuşar.

Eger çärýek finaldan üstünlikli geçip bilseler, ýarym finalda Braziliýa - Argentina duşuşygyna tomaşa edip bileris.

Kopa Amerika - 2019-a gatnaşan yklymdaşlarymyz Ýaponiýa bilen Katar toparçalaýyn tapgyrdan geçip bilmediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň