Soňky habarlar

Arhiw

Futzal: zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogynda toparçalaýyn ýaryşlar tamamlandy

09:4125.06.2019
0
3842

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherinde geçirilýän futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň Kubogynda toparçalaýyn bäsleşikler tamamlandy. Onuň netijesinde “A” toparçada “Mary” topary ýeňiji boldy. Bu toparçadan ikinji bolup “Daşoguz” topary adyny ýarymfinala ýazdyrdy. “B” toparçada birinji, ikinji orunlary degişlilikde “Aşgabat” hem-de “Ahal” toparlary öňdäki iki orny eýelediler. Şeýlelikde, ýarymfinalda “Mary” – “Ahal”, “Aşgabat” – “Daşoguz” toparlary duşuşarlar diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Jemleýji duşuşyklarda "A" toparçada Daşoguz we Mary, "B" toparçada Aşgabat, Ahal toparlary güýç synanyşdylar. Şol gün Balkan we Lebap welaýatlarynyň toparlary dynç aldy. Daşoguz we Mary welaaýtlarynyň wekilleriniň arasyndaky duşuşyk 2:9 hasabynda ýurduň günorta sebitiniň wekilleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. 9 pökgi geçirilen beýleki duşuşykda Aşgabadyň ýygyndysy Ahal welaýatyndan gatnaşýan gyzlary 5:4 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, "A" toparçada Balkan, "B" toparçada Lebap welaýatlarynyň ýygyndylary ýaryşy dowam etdirmäge bolan hukugyny ýitirdiler. Bu iki topar diňe 27-nji iýunda bäşinji orun ugrunda geçiriljek duşuşyga gatnaşyp bilerler. Ertir, 26-njy iýunda sagat 10-da Mary - Ahal, 12-de Aşgabat - Daşoguz duşuşygy başlar. Kubogyň eýesi 27-nji iýunda belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň