Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi - 2019: Balkan welaýat teatry täze eserini görkezdi

09:2225.06.2019
0
1123

24-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda sahna sungatynyň janköýerleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň topary tarapyndan goýlan “Dowamatdyr, Bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy” diýen sahna oýnuna tomaşa etmäge çagyryldy diýip, TDH habar berýär.

Oýnuň wakalarynyň esasy mazmuny ýaşan asyry türkmen halkynyň taryhynyň örän çylşyrymly döwürleriniň birine gabat gelen hem-de döredijiligi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazyşy ýaly, dostluk, garaşsyzlyk, berkarar döwleti gurmak baradaky maksatlara häzirki günlere çenli hem hyzmat edýän Magtymguly Pyragynyň durmuşy baradadyr.

Perde galdyrylýar we sahnada beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň eserlerinden maňzyňa batýan setirler ýaňlanýar. Bu şahyrana sözleriň çuňlugy we parasatlylygy şol sözlere, hakykatdan-da, edebilik häsiýetini berdi, şoňa görä-de, şeýle setirleriň her biri hazire çenli hem beýik Pyragynyň watandaşlarynyň ýüreginde orun tutýar.

Sahna eseri tomaşaçylary asyrlardan aşyryp, şol döwrüň ýagdaýlaryny we türkmen obasynyň durmuşyny, ahlak sypatlaryny, adamlaryň däp-dessurlaryny, nesilleriň özara gatnaşygyny janlandyrýar. Biz Magtymgulynyň kakasyny—ajaýyp şahyr we akyldar Döwletmämmet Azadyny görýäris. Ol ogluna parasatlylygyň, ahlaklylygyň ilkinji sapaklaryny berdi hem-de onda çagalygyndan ýokary watançylygy, şygryýete söýgüni, dünýä we hakykata akyl ýetirmäge bolan ymtylmany terbiýeledi. Biz onuň ejesiniň örän näzik söýgüsini duýýarys. Ene oglunda mähirli, özgäniň ýagdaýyna rehimli duýguny, kalbynda gözellige we ýagşylyga bolan söýgüni terbiýeledi.

Aýry-aýry sahnalarda şahyryň ýaşlyk ýyllary, Meňli gyza bolan joşgunly söýgi, iň gowy dostlaryňa ýürekden wepalylyk we ygrarlylyk duýgulary, şahyryň syýahatlary barada gürrüň berilýär. Şol syýahatlary wagtynda ol bilim ugrundaky gözleglerini taşlaman, iň oňat mugallymlarynyň we ruhy halypalarynyň elinde bilim almagyny dowam edýär.

Sahna oýnunda şahyryň köptaraply keşbi örboýuna galýar—ol ata Watanyň azatlygy we ildeşleriniň bagtly bolmagy ugrunda janyny bermäge taýýar watançy, dünýäniň gurluşynyň esaslaryna akyl ýetirmäge ymtylýan alym, adamlary agzybirlige we jebislige çagyrýan hoşniýetli ilçi, ol hem kümüşden şaý-sep ýasamak işleriniň ussady. Şahyr kümüş ussasy hökmünde ýasan işlerinde, şygyrlarynda bolşy ýaly, barlygyň sazlaşyklylygy baradaky pikiri beýan edýär.

Teatr çykyşlaryna Türkmenistanyň şu güni barada gürrüň berýän häzirki zaman türkmen şahyrlarynyň eserleri hem girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Watanymyz döredijiligiň we rowaçlygyň ýolunda ägirt uly üstünliklere ýetdi, halkara derejesinde abraýy görlüp-eşidilmedik derejede ýokary göterildi.

Magtymguly Pyragynyň gülläp ösýän döwlet, halkyň parahat, dostlukly we bagtyýar durmuşy baradaky arzuwlary, umytlary we niýetleri ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň hakykata öwrüldi. Bu baradaky baş pikiri oýny taýýarlanlar tomaşaçylara ýetirýär. Sahna eseri milletiň taryhy ykbalynda hem-de türkmen halkynyň ruhy durmuşynda şahyryň eýelän deňsiz-taýsyz ornuny açyp görkezýär.

Medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk çäreleriniň üçünji güni Gerkez obasynyň ýanyndaky Düýedaş diýen tebigatyň ajaýyp dag jülgesinde 
Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň aýdymçylarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň konserti bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň