Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi - 2019: usulyýet maslahaty geçirildi

09:1225.06.2019
0
912

Düýn, 24-nji iýunda ir bilen Magtymguly şäheriniň Magtymguly Pyragy muzeýiniň maslahatlar zalynda “Türkmen sungatynyň rowaçlygy” diýen usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa muzeýleriň işgärleri, suratkeşler, sungaty öwrenijiler, taryhçy alymlar, etnograflar, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, žurnalistler gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, milli maddy we ruhy mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu giň gerimli işleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň iri ylmy we aň-düşünje merkezleri bolup durýan muzeýlere aýratyn orun berilýär.

Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, onuň özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, häzirki döwürde Watanymyzyň gazanan deňsiz-taýsyz üstünlikleri--bularyň ählisi muzeýiň baý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Maslahatyň dowamynda muzeý işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlary watançylyk we estetiki taýdan terbiýelemek babatda öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda, işleri has-da kämilleşdirmek baradaky meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi. Bu sungatlar üçin görnüşleriň, usullaryň we ugurlaryň köpdürlüligi häsiýetlidir. Türkmen ussat heýkeltaraşlary tarapyndan döredilýän heýkeller we keramika, şaý-sep önümleri, halylar we gobelenler—bularyň ählisi ynsana, tebigata, mähriban topragyňa söýgi bilen gurşalandyr, türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynyň baýdygyna şaýatlyk edýär.

Şu ýylymyz "Türkmenistan - rowaçlygyň Watany" diýen şygary astynda geçýär, şoňa görä-de, bu baradaky mazmun döredijilik ulgamynyň wekilleriniň täze işlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Çykyşlarda muzeý gymmatlyklary we gaznalary bilen işleriň guralmagyna häzirki döwürde täze usullaryň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy barada hem, ýurdumyzda bu ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigi barada hem aýdyldy. Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we abatlamak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu işlere uly ähmiýet berilýär, çünki soňky ýyllarda biziň ýurdumyza daşary ýurtlardan köp myhmanlar—syýahatçylar, dürli derejedäki wekiliýetler, alymlar gelýärler.

Mundan başga-da, düýn Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň taryhy-medeni we tebigy gözellikleri bilen tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň