Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenportal: 9 ýylda 20 müň habar

03:1225.06.2019
0
2285

Hormatly okyjylarymyz!

Siz häzir 9 ýyllyk taryhy bolan Turkmenportalyň 20 müňünji habaryny okaýarsyňyz. 2011-nji ýyldan bäri işläp gelýän we Türkmenistan bilen bagly gyzykly habarlary öz okyjylary bilen paýlaşýan saýtymyzyň redaksiýasy bu şatlykly habary size uly begenç bilen ýetirýär. Geçen ýyllaryň dowamynda saýtymyzyň tejribeli žurnalistleri tarapyndan 20 müň habardan başga-da, dürli makalalaryň, bildirişler, afişalaryň, tenderleriň we beýlekileriň müňlerçesini siz bilen paýlaşdyk.

Turkmenportal geçen ýyllaryň dowamynda öz okyjylaryna has ýakynlaşdy. Häzir biziň saýtymyzy her gün 1 million okyjy okaýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, saýtymyz «Alexa Internet» reýting portalynyň hem ýokary bahasyna mynasyp boldy. Häzir Turkmenportal Türkmenistan bilen bagly habarlaryň iň köp okalýan we paýlaşylýan çeşmeleriniň biridir. 

Saýt ýene müňlerçe, onmüňlerçe habarlar arkaly okyjylary bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Çünki okyjylarymyzyň belent ynamy bize goşmaça güýç, ylham berýär. Gije-gündiz Siziň üçin işleýäris. Eziz Türkmenistanymyzyň adyny, şanyny dünýä derejesinde has beýgeltmek biziň baş maksadymyz. Ýeneki ýyllarda-da biz bilen galyň, hormatly okyjylar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň