Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:2324.06.2019
0
6028

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynyň barşynda ýurduň sebitleriniň ýolbaşçylary ýerlerde bu meseleler bilen bagly alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutyna hasabat berdiler. Galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz tamamlamak, kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen hasylyň kabul ediş bölümlerine ýitgisiz daşalmagyny hem-de zaýasyz saklanylmagyny üpjün etmek, ýurduň mekdeplerini täze okuw ýylyna degişli derejede taýýarlamak, 1-nji synp okuwçylaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan her ýyl sowgat hökmünde gowşurylýan kompýuterler bilen üpjün etmek meselelerine berk gözegçilik etmek, gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy ýaly meseleler hem iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine bular bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň