Türkmenistanda ÝUNISEF-iň täze wekili işläp başlady

21:0124.06.2019
0
12561

24-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň resmi saýtynda aýdylýar.

Duşuşygyň başynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Hanym Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, Kristana Weýgand, mähirli arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeliligini belläp, taraplar çagalaryň meseleleri boýunça gatnaşyklary geljekde ösdürmekde meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hanym Weýgand köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda 2018-2022-nji ýyllar döwri üçin çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilmegi, şeýle hem döwlet býujetinden sanjymlary we uny premix bilen baýlaşdyrmaga köpýyllyk maliýeleşdirýändigi üçin  Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň