Archive news

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" Duşenbe şäherine bardy

13:5424.06.2019
0
3959
AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" Duşenbe şäherine bardy

Şu gün "Altyn asyr" futbol kluby Stambul şäheriniň üsti bilen amala aşyrylan howa gatnawy arkaly Duşenbä gelip ýetdiler. Ozal hem habar berşimiz ýaly, birigün - 26-njy iýunda türkmen futbolçylary bu şäherdäki Merkezi respublikan stadionynda ýerli "Istiklol" bilen duşuşarlar. Duşuşyk AFK-nyň kubogy - 2019-yň altynjy tapgyrynyň çäginde geçiriler.

Ýerli toparyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, "Altyn asyryň" wekiliýeti Duşenbede myhmansöýerlik bilen garşylandy. Soňra topar Täjigistanyň paýtagtyndaky "Atlas" myhmanahansynda ýerleşdi. Şu gün ildeşlerimiz Merkezi stadiona ýanaşyk meýdançalaryň birinde ilkinji türgenleşigini geçirer. "Altyn asyr" "istiklol" bilen boljak duşuşyga 19 futbolçyny alyp bardy. 

26-njy iýunda ýerli wagt bilen 19-da başlanjak duşuşygyň ýeňijisi Interzolagyň ýarym finalyna çykar. Muny başarmak üçin "Altyn asyra" utulyşdan başga islendik netije ýeterlik.  

"Altyn asyr" Duşenbe şäherine şu düzüm bilen bardy:

Derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow, Döwlet Berdiýew.

Goragçylar: Zafar Babajanow, Selim Ataýew, Mekan Saparow, Mekan Aşyrow, Gurbangeldi Batyrow.

Ýarym goragçylar: Myrat Annaýew, Begenç Akmämmedow, Begmyrat Baýow, Resul Hojaýew, Bagtyýar Gürgenow, Welmyrat Ballakow, Serdar Geldiýew, Annasähet Annasähedow, Begenç Annagurbanow.

Hüjümçiler: Altymyrat Annadurdyýew, Selim Nurmyradow, Myrat Ýagşyýew.

Baş tälimçi: Ýazguly Hojageldiýew.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň