Soňky habarlar

Arhiw

Elektrik energiýasy bilen işleýän uçar tanyşdyryldy

13:2824.06.2019
0
1078

Elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji uçar “Alice” şereketi tarapyndan köpçülige görkezildi. Parižde geçirilen awiasiýa sergisiniň çäklerinde tanyşdyrylan howa gämisiniň bir gezekki zarýady bilen 650 mil (1,050 km) ýol geçip biljekdigi habar berildi. Dokuz ýolagça niýetlenen uçaryň ýerden 3 kilometrden gowrak belentlikden sagatda 450 km tizlik bilen hereket etjekdigi mälim edildi. Gysga aralyga niýetlenen uçaryň 2022-nji ýylda taýýar boljakdygy, häzirki wagtda has uzak aralyga niýetlenen başga bir modeliň işlenip düzülýändigi aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň