Soňky habarlar

Arhiw

Halaç etrabynda Watan harmynanyna 54 müň tonnadan gowrak galla tabşyryldy

06:3524.06.2019
0
1363

Darganata we Kerki etraplarynyň zähmetkeşleriniň yz ýany bilen şu gün Lebapda dänäni iri öndürijileriň biri bolan Halaç etrabynyň kärendeçileri bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine üstünlik bilen hötde geldiler diýip, TDH ýazýar.

Olar 25 müň gektara golaý meýdanda oňat hasyl ýetişdirdiler hem-de Watan harmanyna bereketli gallanyň 54,3 müň tonna golaýyny tabşyrdylar. Mehanizatorlaryň, sürüjileriň yhlasly zähmeti, däne orujy-daşaýjy toplumlaryň işleriniň sowatly guralmagy, meýdan şertlerinde möwsüme gatnaşyjylara medeni taýdan hyzmat edilmegi şeýle giň gerimli meýdanda hasyly iň oňaýly möhletde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam etdi.

«Pelwert», «Ärsarybaba», «Garamätnyýaz», «Rahmançaga» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamalaryna etrapda ilkinji bolup hötde geldiler. Olar borçnamalaryny 5 we ondan hem köp göterim artyk ýerine ýetirdiler.«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylymyzy Seýitnazar Seýdi adyndaky we «Ak gala» daýhan birleşikleriniň daýhanlary hem uly üstünlige besläp, harmana 4,2 müň tonna däne, şol sanda borçnamadan artyk degişlilikde 500 tonna hem-de 380 tonna golaý hasyl tabşyrmagy başardylar.

Bugdaýly meýdanlarda orak dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen obasyny gülledip ösdürmek baradaky aladasyna iş bilen jogap berip, Halaç etrabynyň gallaçy kärendeçileri meýdandaky hasyly doly ýygnap almagy hem-de Watanymyzyň harmanyna azyklyk bugdaýyň ýene-de ýüzlerçe tonnasyny goşmagy maksat edinýärler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň