Görogly etrabynda galla tabşyrmak boýunça borçnama amal edildi

06:3224.06.2019
0
3949

Görogly etrabynyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilkinji bolup, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň üstünlik bilen hötdesinden geldiler. Şu ýylyň hasyly üçin bu ýerde 16 müň gektar ýer bölünip berlip, soňra ýerden bugdaýyň 31 müň 500 tonnasy ýygnalyp alyndy. Hasylyň köp bölegini ýokary hilli tohumlyk däne emele getirdi diýip, TDH hhabar berýär.

Şeýle netijäniň gazanylmagyna oba hojalyk önümçiliginde bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň öňdebaryjy ylmy usullarynyň ulanylmagy we oraga gatnaşyjylaryň ählisiniň üznüksiz işlemegini üpjün edýän örän oýlanyşykly orak möwsüminiň strategiýasy, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň zähmetkeşleri baradaky aladasy netijesinde satyn alnan oba hojalyk tehnikalarynyň giň gerim bilen peýdalanylmagy ýagdaý döretdi. Etrabyň meýdanlarynda «John Deere» (ABŞ) we «CLAAS» (Germaniýa) kysymly kombaýnlaryň 39-sy, 200-e golaý ulag gije-gündizleýin işledilýär.

Etrabyň ekerançylyk hojalyklaryndan «Magtymguly» daýhan birleşiginiň daýhanlary wezipä ilkinji bolup üstünlikli hötde gelip, olar 1 müň 670 gektardan 4 müň 800 tonnadan gowrak däne ýygnadylar bu bolsa bellenilendäkiden ep-esli köpdür. Bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren hojalyklaryň hatarynda «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem bar. Görogly etrabynyň ýer eýeleri depginlerini gowşatmaýarlar, orak möwsümi dowam edýär. Çünki, meýdanlarda däne heniz az däl.

Umuman, Daşoguz welaýaty boýunça bugdaý oragy ýokary depginler bilen barýar. Welaýatda 157 müň gektardan gallaçy daýhanlar bugdaýyň 300 müň tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Oraga däne orujy kombaýnlaryň 380-si gatnaşýar, göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 117-si üznüksiz işleýär, ulaglaryň 1 müň 900-si bugdaýyň kabul ediş bölümlerine daşalmagyny üpjün edýär.

Häzirki jogapkärli möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda Ruhubelent we Gubadag etraplarynyň daýhanlary barýarlar. Mehanizatorlar hem-de däne oragy möwsümine beýleki gatnaşyjylar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp, olar üçin meýdanlarda dynç alyş wagtyny medeniýetli geçirmek çäreleri guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň